Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy içaly filmleriniň 20-ligini düzdi

  • 30.10.2025 13:11
  • 2.6k+

Collider neşiri ähli döwürleriň iň gowy 20 içaly filminiň sanawyny neşir etdi. Saýlawa 1920-nji ýyllaryň ahyryndan şu güne çenli surata düşürilen filmler girizildi.

Sanawda birinji orny Şon Konneriň baş keşbi janlandyrmagyndaky Jeýms Bond hakyndaky üçünji film — “Goldfinger” («Голдфингер») (1964) eýeledi. Maglumata görä, film franşizanyň nusgawy formulasyny şöhlelendirýär: 007 agenti dünýä ykdysadyýetini durnuksyzlaşdyrmaga synanyşýan jenaýatçy bilen göreşýär. Collider-iň pikirine görä, bu film bondly filmleriň hil derejesiniň esasy görkezijisine öwrüldi. Düzüjiler bu filmde “ähli zat ýerinde” diýip belläp geçýärler.
Ikinji orny Alfred Hiçkogyň “Demirgazyk-Günbatar boýunça demirgazyga” («На север через северо-запад», 1959), üçünji orny Kerol Ridiň “Üçünji adam” («Третий человек», 1949) filmi eýeledi. Ilkinji bäşlige Florian Henkel fon Donnersmarkyň “Başgalaryň durmuşy” («Жизнь других», 2006) we Žan-Pýer Melwiliň “Kölegeleriň goşuny” («Армия теней», 1969) filmleri hem girdi.
Sanawdaky iň täze film Stiwen Spilbergiň 2025-nji ýylyň martynda çykan “Gara çemodan — goşa howp” («Чёрный чемодан — двойная игра») filmi boldy.
Sanawa şeýle hem “Mançžuriýaly dalaşgär” («Маньчжурский кандидат», 1962), “Onuň Alyhezretleriniň gizlin gullugynda” («На секретной службе Её Величества», 1969), “39 basgançak” («39 ступеней», 1935), “Bornuň şahsyýeti” («Идентификация Борна», 2002), “Içalylar” («Шпионы», 1928) we başga birnäçe eser girizildi. Iň gowy 20-ligi Stiwen Spilbergiň “Mýunheni” «Мюнхен», (2005) tamamlaýar.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....