5k+

III Bişkek kinofestiwalynda Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň kino görnüşi görkeziler

2025-nji ýylyň 11-15-nji iýuny aralygynda Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkekde III Halkara Bişkek kinofestiwaly geçiriler. Bu çärä beýleki ýurtlar bilen birlikde türkmenistanly kinematograflar hem gatnaşar. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň filmleri boýunça bäsleşik maksatnamasyna Nurmyrat Saryhanowyň "Kitap" hekaýasynyň esasynda düşürilen adybir çeper film girizildi...

2.8k+

Android 16-nyň haçan çykaryljakdygy mälim edildi

Google soňky tanyşdyrylyşynda Android 16-nyň takyk çykaryljak senesini mälim etmedi, emma Android ekoulgamynyň ýolbaşçysy Samir Samat onuň haçan ýaýradylyp başlanjakdygy bilen bagly käbir maglumatlary berdi. Gyzykly tarapy, ol diňe bir Pixel hatary üçin däl, eýsem beýleki öndürijileriň enjamlary üçin hem möhlet aýtdy diýip, «Android Police» habar berýär...

6.8k+

Rumyniýada ýerli ýaşaýjy 1 500 töweregi gadymy rim teňňeli hum tapdy

Rumyniýada Letka-Weçe obasynyň golaýyndan 1469 sany gadymy rim teňňeli hazyna tapyldy. Ony metal gözleýji detektor bilen  işlemeklige höwesek ýerli ýaşaýjy Marius Manžeak tapdy diýip, New York Post ýazýar. Manžeak, köplenç, metal gözleýji detektory alyp, güýmenje üçin ýeke özi meýdanlarda we tokaýlarda aýlanýandygyny gürrüň berdi...

9k+

Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max surata we wideo düşürmekde deňeşdirildi

Techno Arena-nyň YouTube kanalynda Samsung Galaxy S25 Edge bilen iPhone 16 Pro Max-yň kameralarynyň deňeşdirilişi boýunça wideo neşir edildi. Ähli görkezijiler boýunça ýeňijini kesgitlemek başartmady. Iki smartfon hem öň tarapdaky kamera arkaly sekuntda 30 kadrda 4K wideo düşürmegi goldaýar...

4.2k+

Lidarly döwrebap awtomobiller smartfonyň kamerasyny ýakýar

u/Jeguetelli atly Reddit ulanyjysy özüniň iPhone 16 Pro Max smartfonynyň kamerasynyň Volvo EX90 elektromobilini ýakyn aralykdan surata düşürjek bolan mahaly zaýalanandygyny habar berdi. Çünki, şol wagt awtomobile daşky dünýäni “görmäge” kömek edýän lazer sensory – lidar işjeň ýagdaýdady...

4.4k+

Samsung-yň geljekki Galaxy S26 hataryna Edge modeli goşulyp bilner

The Elec habar çeşmesiniň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda hödürlenen inçe Samsung Galaxy S25 Edge ýönekeý bir synag däl. Samsung Edge modelini geljekki Galaxy S26 hataryna-da goşmagy meýilleşdirýär we ol Galaxy S26 Plus modelini çalşyp biler...

4k+

Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy

DC YouTube kanalynda režissýor Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy. Filmiň premýerasy 11-nji iýula meýilleşdirilýär. Treýlerde Loýs Leýn (onuň keşbini Reýçel Brosnahan ýerine ýetirdi) Supermen bilen söhbetdeş bolýar...

14k+

Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer

Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan filmlerdäki ähli trýuklaryny (tilsimleri) pensiýa çykýança özi ýerine ýetirer. Ol dublýor ýa-da kaskadýor ulanmagy meýilleşdirmeýär diýip, «Deadline» neşiri habar berýär. Şeýle-de aktýor pensiýa çykmaga howlukmaýar...

5.2k+

“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder

Maýkl B. Jordanyň oýnamagyndaky “Krid” trilogiýasynyň serial görnüşinde dowamy surata düşüriler. Prime Video akym hyzmaty “Delfi” atly täze taslamany bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär. Serialyň sýužeti doly göwrümli “Krid” filmlerinden belli bolan Delphi sport zalynda türgenleşik geçýän ýaş boksçylara bagyşlanar...

3.6k+

Netflix aýdymçy Madonnanyň durmuşy barada kiçi serial taýýarlaýar

Aýdymçy Madonna we Netflix akym hyzmaty täze bir taslamanyň - artistiň durmuşy we karýerasy barada kiçi serialy döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu seriala “Diýseň geň işler” serialy we “Dedpul we Rosomaha” filmi bilen tanalýan Şon Lewi prodýusserlik eder...

4.3k+

Ženewada seýrek mawy göwher 21,5 mln dollara satyldy

Seýrek mawy göwher Mediterranean Blue Ženewada geçirilen Sotheby’s auksionynda 21,5 mln dollara satyldy. Bu barada auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. Agramy 10,03 karat bolan ýiti mawy reňkli göwher işjeň söwda getirdi...

3.4k+

Ýapon režissýor iPhone 16 Pro-da gysgametražly film düşürdi

Apple-yň YouTube kanalynda Kann kinofestiwalynyň baýragynyň eýesi, ýaponiýaly režissýor Hirokadzu Koreedanyň ýolbaşçylygynda iPhone 16 Pro-da düşürilen 28 minutlyk film peýda boldy. Gysgametražly film flagman enjamyň «kinematografiki režiminiň» nämelere ukyplydygyny görkezýär...

5.4k+

Samsung ultra-inçe Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy resmi taýdan täze Galaxy S25 Edge smartfonyny hödürledi – bu hatarda iň inçe smartfondyr. Smartfonyň ýogynlygy 5,85 mm, agramy 163 g barabar. Ol täzelenme ýygylygy 120 Gs çenli bolan 6,7 dýuýmlyk QHD+ displeýine eýe boldy...

4.9k+

ABŞ-da Oskar atly pişik uzak aralyga bökmekde rekord eýesi boldy

Oskar atly ýedi ýaşly pişik dünýäde pişikleriň arasynda iň uzyn böküşi ýerine ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Oskar beýiklige böküp, howada 2,58 metr aralygy geçdi. Pişik Dallasyň (ABŞ) ýaşaýjysy Teodor Şillse degişli...

3.9k+

“Ýewrowideniýe – 2025-iň” finalyna çykan ilkinji 10 ýurt belli boldy

13-nji maýda Şweýsariýanyň Bazel şäherinde “Ýewrowideniýe-2025” aýdym-saz bäsleşiginiň ilkinji ýarym finaly geçirildi. Oňa 15 ýurduň wekilleri gatnaşdy. Tomaşaçylaryň ses bermeginde finala olardan 10 aýdymçy çykdy diýip, bäsleşigiň metbugat gullugy habar berdi...