Spotify indi pleýlistleri beýleki platformalardan import etmäge mümkinçilik berýär

  • 26.11.2025 10:13
  • 1k+

Spotify akym hyzmaty täze funksiýany hödürledi – indi ulanyjylar öz pleýlistlerini Apple Music, YouTube Music, Deezer, Soundcloud, Amazon Music, Last.fm ýaly platformalardan import edip bilýär.

Munuň üçin TuneMyMusic saýty ulanylýar. Spotify mobil goşundysynda “Meniň mediatekam” bölümine girip, sahypanyň soňuna çenli aşak geçirmeli we “Aýdymy import etmek” düwmesine basmaly.
Mundan başga-da, Spotify şahsylaşdyrylan aýdym-saz tekliplerini almaga kömek edýän ChatGPT-ni goşdy. Funksiýadan peýdalanmak üçin ChatGPT bilen çatda Spotify-y agzamak ýeterlik. Jogap hökmünde çat-bot Spotify profiliňizi birikdirmegi teklip eder, şondan soň aýdym-saz we podkast maslahat berip biler.
Indiki ýyldan Spotify we Netflix hem wideopodkast boýunça hyzmatdaşlyk edip başlar. Netflix-de Spotify-dan saýlanan wideopodkast ýygyndysy bilen ýörite bölüm peýda bolar, bu hem audio we wideo kontentleri bir platformada birleşdirmäge mümkinçilik berer.

şu gün 12:35
1.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......