Huawei täze dizaýn bilen Huawei Mate 80 flagman hataryny hödürledi

  • 26.11.2025 17:57
  • 5.1k+

Huawei Hytaýda Mate 80 smartfon hataryny hödürledi. Esasy modelden başga-da, hatara Mate 80 Pro, Mate 80 Pro Max we Mate 80 RS Master Edition girdi. Smartfonlar premium bolup, täzelenen dizaýna, kuwwatly kameralara we flagman prosessorlara eýe boldy.

Smartfonlar tekiz ekran we gyralary göni korpus bilen üpjün edildi. Esasy kamera blogy halka görnüşinde ýerine ýetirildi. Yzky panelde simsiz zarýad zolagyny aňladýan ikinji halka bolup, ol kamera blogy bilen bilelikde “sekizligiň” şekilini emele getirýär. Diňe Mate 80 RS Master Edition-da kamera blogy sekizburçluk şekilinde ýerine ýetirildi, yzky panel bolsa ýaryş ýolunyň öwrümlerini gaýtalaýar.
Smartfonlar suwdan, ýokary temperaturalardan we basyşdan IP68 we IP69 goraglaryna eýe boldy.
Mate 80 we Mate 80 Pro smartfonlarynyň displeýiniň diagonaly 6,75 dýuým. Iki uly model bolsa 120 Gs çenli täzelenme ýygylygy bilen 6,9 dýuýmlyk LTPO OLED ekranyny aldy. Esasy wersiýada Kirin 9020 çibi, galanlarynda Kirin 9030 ýa-da 9030 Pro çipleri ulanylýar. Mate 80 RS Master Edition-da operatiw ýadyň göwrümi 20 GB ýetýär.
Täze smartfonlaryň öndürijiligi öňki nesil bilen deňeşdirilende 35-42% ýokary boldy.
Kameralar:

  • Mate 80: 10 basgançakly üýtgeýän diafragmaly 50 Mp esasy, 40 Mp giňburçly, 12 MP teleobýektiw; 1,5 Mp Red Maple multispektral sensory.
  • Mate 80 Pro: 50 Mp esasy, 40 Mp giňburçly, iki periskoply 48 Mp teleobýektiw.
  • Pro Max we RS Master Edition: 50 Mp iki teleobýektiw, 50 Mp esasy we 40 Mp giňburçly.
  • Tutuş hatar 13 Mp frontal kamera we 3D ýüz skanirlemesi üçin ToF datçigine eýe boldy.

Mate 80 Pro Max we RS Master Edition 6000 mA/sag akkumulýator, Mate 80 we Mate 80 Pro 5750 mA/sag akkumulýator bilen enjamlaşdyryldy. Modelleriň ählisi 100 Wt çalt zarýad alşy, 80 Wt simsiz we 20 Wt ters zarýady goldaýar.
Hatar HarmonyOS 6-da işleýär.
Hytaýda bahalar:

  • Mate 80 (12/256 GB) — 4699 ýuan (~$662)
  • Mate 80 Pro (12/256 GB) — 5999 ýuan (~$844)
  • Mate 80 Pro Max (16/512 GB) — 7999 ýuan (~$1126)
  • Mate 80 RS Master Edition (20/512 GB) — 11 999 ýuan (~$1689)
  • Mate 80 RS Master Edition (20 GB / 1 TB) — 12 999 ýuan (~$1830)

düýn 17:18
1.5k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.5k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

15.12.2025 08:41
1.4k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...

01.12.2025 13:33
3.8k+

Huawei 3500 dollara 18 karatlyk Watch Ultimate Design sagadyny çykardy

Huawei kompaniýasy Watch Ultimate Design akylly sagadyny satuwa çykardy. Ol Hytaýda 28-nji noýabrda satuwa çykaryldy we bahasy 3500 dollara ýetýär. Deňeşdirmek üçin, Apple Watch Ultra 3-iň bahasy 800 dollardan başlaýar...