Apple Music 2025-nji ýylyň iň gowy pop aýdymlaryny hödürledi

  • 23.11.2025 00:06
  • 2k+

Apple Music 2025-nji ýylyň iň gowy pop aýdymlarynyň sanawyny düzdi. Reýtingde birinji orny Ledi Gaganyň 7-nji martda çykan Mayhem albomyndan Abracadabra aýdymy eýeledi.

“Gürrüňsiz, 2025-nji ýyl Ledi Gaganyň ýyly boldy. Ähli zat onuň “Gremmi” wagty mahabatda peýda bolmagyndan we onuň täze aýdymyň çykmagyna yşarat etmeginden başlady. Abracadabra-nyň täsirli we dartgynly gaýtalamasy bilen derrew aýdyň boldy: Mother Monster gaýdyp geldi. Mayhem onuň janly legenda statusyny berkitdi – ol ýene-de pop köklerine we özüne mahsus stile ýüzlendi. The Mayhem Ball konsert syýahatynda Gaga teatrlaşdyrylan şüweleňi hödürläp, ähli döwrüň iň beýik artistleriniň biri bolup galýandygyny ýene bir gezek görkezdi” – diýip, reýtingi düzüjiler belleýär.

Mundan başga-da, Ledi Gaga şu ýyl Netflix-iň “Uensdeý” serialynyň ikinji möwsümi üçin The Dead Dance aýdymyny ýazdy. Bu aýdym hem gysga wagtyň içinde Hellouin üçin iň gowy saundtrek boldy diýip, Apple Music belledi.
A-List Pop: Best of 2025 reýtinginiň ikinji ornunda Sabrina Karpenteriň Manchild aýdymy ýerleşdi. Üçlügi kanadaly aýdymçy Teýt Makreýiň 2 hands aýdymy jemledi. Şeýle-de, 2025-nji ýylyň iň gowy aýdymlarynyň bäşligine Jastin Biberiň Yukon we The Weeknd-iň Cry for me  aýdymy girdi.
Öňdebaryjylaryň hatarynda Ledi Gaganyň Garden Of Eden, Teýlor Swiftiň The Fate of Ophelia we Opalite, Ed Şiranyň Azizam, Blackpink günorta koreý k-pop toparynyň Jump, Charli XCX-iň party 4 you, Chappell Roan-yň The Giver aýdymlary hem bar.
Geçen ýyl iň gowy aýdym Sabrina Karpenteriň Espresso aýdymy bolupdy.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...