YouTube-da indi habarlaşmak we wideo paýlaşmak üçin gurlan messenjer peýda boldy

  • 24.11.2025 14:28
  • 2.7k+

YouTube wideolary göni mobil programmanyň içinde paýlaşmaga we ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän täze funksiýanyň synagdan geçirilýändigini yglan etdi. Aslynda, bu, hyzmatda birnäçe ýyllap elýeterli bolan, ýöne 2019-njy ýylda aýrylan şahsy habarlaşmagy yzyna getirýär.

Kompaniýanyň habarynda munuň "iň köp islenilýän funksiýadygy" bellenilýär.
YouTube bu täzeçilligiň nähili işlejekdigini jikme-jik beýan etdi.

"Biz YouTube mobil programmasynda halaýan wideolaryňyzy (uzyn wideolar, gysga filmler ýa-da ýaýlymlar) aňsatlyk bilen paýlaşmaga we ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýän täze funksiýany synagdan geçirýäris. Bu synag Irlandiýada we Polşada 18 ýaşdan uly ulanyjylar üçin işe girizilýär. Bu biziň iň köp garaşan funksiýalarymyzyň biri boldy, şonuň üçin ony synagdan geçirmäge başlaýandygymyza we siziň pikirleriňizi eşitjekdigimize begenýäris" diýip, hyzmatyň habarynda aýdylýar.

Birinji tapgyrda bu täze mümkinçilikden Irlandiýadan we Polşadan uly ýaşly ulanyjylar peýdalanyp bilerler.
YouTube synagy beýleki ýurtlara giňeltmegi meýilleşdirýärmi ýa-da ýok, şeýle hem täze funksiýanyň ähli ulanyjylar üçin haçan elýeterli boljakdygy entek belli däl.


16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

30.05.2026 11:28
1.6k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......

20.05.2026 10:19
1.5k+

YouTube we Snap sosial ulgamlaryň okuwçylara täsiri baradaky kazyýet işini kadalaşdyrdylar

YouTube wideohostingi we Snap kompaniýasy Kentukki ştatynyň Breýsitt mekdep okrugynyň platformalary kämillik ýaşyna ýetmedikleriň ruhy saglygyna sosial ulgamlaryň ýaramaz täsirinde aýyplan kazyýet işi boýunça......