Huawei Mate 80 goşmaça zarýad bermezden tutuş iki hepde işläp biler

  • 23.11.2025 23:52
  • 4.5k+

Huawei kompaniýasy 25-nji noýabrda Hytaýda görkeziljek Mate 80 hatarynyň smartfonlarynyň täze Outdoor Mode awtonom režimine eýe boljakdygyny habar berdi. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, bu režimde geljekki flagman bir zarýadda 14 güne çenli işläp biler.

Outdoor Mode tebigatda – pyýada gezelençde, kempingde ýa-da işjeňligiň başga görnüşinde köp wagt geçirýän ulanyjylar üçin niýetlenýär. Ýokary energiýa tygşytlylygy netijesinde ulanyja zarýad derejesini hemişe yzarlamak gerek bolmaz, çünki smartfonyň iş wagty ep-esli uzalar.
Häzirlikçe Outdoor Mode režiminiň nähili işleýändigi belli däl. Bu barada giňişleýin maglumatlary tanyşdyrylyş wagty aýtmak wada berilýär. Huawei Central portalynyň maglumatlaryna görä, režim smartfonyň hemra we beýleki käbir funksiýalarynyň energiýa sarp edişini azaldar, bu bolsa pes temperaturalarda hem akkumulýatoryň durnukly işini üpjün eder.
Mate 80 hataryndan başga-da, Huawei eplenýän Mate X7 smartfonyny we MatePad Edge planşetini hödürlär.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...