Paramount “Nindzýa pyşbagalar” barada täze film düşürer

  • 24.11.2025 11:54
  • 3.6k+

Paramount “Nindzýa pyşbagalar” franşizasy boýunça janly aktýorlaryň gatnaşmagynda täze film çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Studiýa bu işe “Forsaž” we “Sonik kinoda” filmleri boýunça tanalýan prodýuser Nil H.Morisi çagyrdy. Onuň maşgala filmi bolmagyna garaşylýar.
Şunuň bilen baglylykda, režissýory hökmünde Ilýa Naýşuller bellenen “Nindzýa pyşbagalar: Soňky ronin” atly has ýokary ýaş reýtingi bolan filmi döretmek işleri soňa goýlup bilner.
Şol bir wagtyň özünde, “Nindzýa pyşbagalar: Mutantlaryň ýeňlişi 2” multfilminiň premýerasynyň senesi belli boldy. Ol 2027-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda çykar.
Gahrymanlar Mikelanjelo, Leonardo, Rafael we Donatello ilkinji gezek oýun formatda 1990-njy ýylda “Nindzýa pyşbagalar” filminiň çykmagy bilen peýda boldy. 2016-njy ýylda “Nindzýa pyşbagalar 2” filmi çykany bäri franşizada janly aktýorlaryň gatnaşmagynda ýekeje-de doly metražly film düşürilmedi. 


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....