«20 ýyl bäri jaň garaşýardym»: Brendan Freýzer «Mumiýa 4» filmine gatnaşýandygyny tassyklady

  • 26.11.2025 12:15
  • 6.7k+

Amerikan-kanadaly aktýor, «Oskar» baýragynyň eýesi Brendan Freýzer «Mumiýa» atly başdan geçirmeler  franşizasynda Rik O'Konnelliň roluna gaýdyp gelýär. Ol AP agentligine beren interwýusynda «ýigrimi ýyl bäri şu jaňa garaşandygyny» boýun aldy.

Freýzer ilkinji «Mumiýa» filmi bilen meşhur bolýar, soňra bolsa onuň iki dowamynda — «Mumiýa gaýdyp gelýär» (2001) we «Mumiýa: Aždarha imperatorynyň gubury» (2008) filmlerinde baş keşbi janlandyrýar. 2025-nji ýylda dördünji bölegi taýýarlamak işi resmi taýdan yglan edildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Freýzer bilen Reýçel Waýsyň (Rachel Weisz) öz rollaryna gaýdyp gelmek barada gepleşikler geçirýändigi habar berildi.

«Muşdaklara isleýän zadyny bermegiň wagty geldi» — diýip, Freýzer interwýusynda belläp geçdi.

Ol franşizanyň üçünji bölegi bilen aýratyn buýsanýandygyny hem gürrüň berdi. Onuň sözlerine görä, surata düşürme işleri Pekinde Olimpiýa oýunlary döwründe geçipdir.

«Şol ýyl NBC-de Olimpiýa oýunlaryny görkezmäge hukuk bardy. Şonuň üçin olar iki taslamany birleşdirdiler we biz Hytaýa gitdik. Şanhaýda işlemek - ajaýyp tejribe. Men üçünji bölek bilen buýsanýaryn, sebäbi ony özbaşdak gowy film hasaplaýaryn. Biz başga bir topar bilen birleşip, başaryp bilýän zadymyzy etdik» ― diýip, 56 ýaşly aktýor gürrüň berdi.

«Mumiýa 4» filmini surata düşürmek üstünde ozal 2022-nji ýylda «Krik» franşizasyny täzeden başlan režissýorlar Mettýu Bettinelli (Matthew Bettinelli) we Taýler Jillet (Tyler Gillett) işlärler. Täze film ikinji bölegiň göni dowamy hökmünde yglan edildi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....