Internete arzan iPhone 17e-niň häsiýetnamasy ýaýradyldy: kesiksiz, Dynamic Island-ly

  • 27.11.2025 11:04
  • 4.2k+

2026-njy ýylyň ýazynda 17-nji hataryň iň arzan aýfony bolan iPhone 17e-niň çykmagyna garaşylýar. Pudagyň seljerijisi Jeff Pu eýýäm smartfonyň nähili boljakdygyny anyklady. Onuň sözlerine görä, täzelenme düýpli bolar.

Daşyndan iPhone 17e häzirki iPhone 16e meňzeýär: gyralary göni, 6,1-dýuýmlyk ekranly ykjam korpusy bar we bir kameraly. Emma öňdäki "ekran kesigi" (notch) ýitip, onuň ýerini has möhüm funksiýaly Dynamic Island kesigi eýelär.
Şeýle-de, kompaniýa içki enjamy hem gowulandyrar. iPhone 17e iPhone 17-de hem ulanyljak Apple A19 prosessory, şeýle hem täzelenen C1 modemi we N1 aragatnaşyk çipi goýlar. N1 çipi Wi-Fi 7, Bluetooth we Thread tehnologiýalaryny birleşdirýär.
Iň göze ilýän täzelenme öň kamerada bolar: iPhone 17e iPhone 17-den kwadrat sensorly we Center Stage goldawly 18-megapiksel öň kamerasyny miras alar. Bu funksiýa smartfony dikligine saklap, kese görnüşli selfileri etmäge mümkinçilik berer.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...