Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli çäreler geçirildi

  • 24.11.2025 12:22
  • 8.9k+

22-nji noýabrda Aşgabatda Bütindünýä çagalar güni mynasybetli “Bitaraplyk we ynsanperwerlik: inklýuziw geljegiň bähbidine hemmetaraplaýyn goldaw” ady bilen çäre geçirildi.

Çäre Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan bilelikde guraldy.
Çärede Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş etdi.

Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çagalar üçin hemmetaraplaýyn goldawy öz içine alýan geljegi döretmegiň ähmiýeti barada pikir alyşmak we Bütindünýä çagalar gününi dabaralandyrmak maksady bilen ýörite çäräniň guralandygyny belledi. Ol her ýylyň noýabrynda Bütindünýä çagalar gününiň bellenilýändigini aýdyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň çagalaryň hukugy baradaky Jarnamany, Çagalaryň hukuklary hakynda Konwensiýany kabul etmeginiň Milletler Bileleşigi tarapyndan ösüp gelýän ýaş nesiller barada uly alada edilýändigini alamatlandyrýandygyna ünsi çekdi. 
Çärede şeýle hem BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko çykyş etdi. D.Şlapaçenko Türkmenistanda ösüp gelýän ýaş nesilleriň, aýratyn-da, mümkinçiligi çäkli çagalaryň saglygynyň dikeldilmegi, olaryň hukuklarynyň doly derejede goralmagy bilen bagly meseleleriň döwletiň hemişelik üns merkezinde saklanýandygyny nygtady. Bu bolsa ýaş nesilleriň nurana geljeginiň üpjün edilmeginiň ygtybarly binýady bolup durýar.
BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili hanym Jalpa Ratnanyň çykyşynda soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝUNISEF-niň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýe bolýandygy nygtaldy. Şunda Türkmenistanyň çagalaryň hukuklaryny we saglygyny goramak boýunça halkara derejede kabul edilen birnäçe resminama goşulandygyna üns çekildi.
Soňra Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda geçirilen çärä gatnaşyjylar bu ýerde mümkinçiligi çäkli çagalaryň aýdym-sazly çykyşlaryna hem-de tennis boýunça guralan ýaryşa tomaşa etdiler.
Soňra bäsleşikleriň jemi jemlenip, oňa gatnaşan çagalara Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ýörite taýýarlanylan sowgatlar gowşuryldy.


19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:51
2.8k+

ÝUNISEF: Bir milliarddan gowrak çaga howa şertleriniň howpuny başdan geçirýär

Tutuş dünýäde bir milliarddan gowrak çaga birbada yssy howanyň, guraklygyň, suw joşgunlarynyň, tupanlaryň we tokaý ýangynlarynyň netijelerine duçar bolýar. Bu barada  ÝUNISEF-iň beýannamasyna salgylanýan The......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......