Emeli aň “Time” tarapyndan “Ýylyň adamy” diýlip atlandyrylmaga dalaş edýär

  • 22.11.2025 14:33
  • 2.7k+

Emeli aň “Ýylyň adamy” adynyň eýesi hökmünde Time amerikan žurnalynyň daşynda peýda bolup biler. Polymarket bukmeker agentligi şeýle ähtimallygy 37% diýip hasaplaýar.

Bu ada eýe bolmak mümkinçiligi boýunça ikinji orunda Nvidia kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjysy Jensen Huang ýerleşýär – 17%. Rim papasy Lew XIV-niň mümkinçiligi 15%. OpenAI-iň ýolbaşçysy Sem Altmanyňky 8%, ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Trampyň mümkinçiligi bolsa 7%. Ýatlap geçsek, Tramp geçen ýyl Time tarapyndan “Ýylyň adamy” diýlip atlandyrylypdy.
Time žurnaly 1927-nji ýyldan bäri ýylyň adamyny yglan etmek bilen jemleýji dekabr sanyny çykarýar. Ilkinji bolup bu ada 25 ýaşynda Atlantik ummanynyň üsti bilen – Nýu-Ýorkdan Pariže ilkinji gonuşsyz uçuşy amala aşyran Çarlz Lindberg mynasyp bolupdy.
Ýylyň adamy saýlananda dalaşgäriň ýylyň dowamynda jemgyýete ýetiren uly täsiri göz öňünde tutulýar. Şol bir wagtyň özünde, ol täsir oňyn we oňyn däl hem bolup biler. Çözgüt maslahatlaşmalardan we işgärleriň dürli pikirlerini göz öňünde tutup, dalaşgärler saýlanandan soň redaksion kollegiýa tarapyndan kabul edilýär.
Dürli ýyllarda “Ýylyň adamy” adyna Mahatma Gandi, Adolf Gitler, Iosif Stalin, Uinston Çerçill, Şarl de Goll, Ýelizaweta II, Nikita Hruşýow, “Apollon 8-iň” astronawtlary, Den Sýaopin, personal kompýuter (1982-nji ýylda maglumat eýýamynyň başlangyjyny habar beriji hökmünde), Wladimir Putin, Jo Baýden, Angela Merkel, Jeff Bezos, Ilon Mask, Teýlor Swift we beýlekiler mynasyp bolupdy. 


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......