Windows 11 24H2-däki howply säwlik «Prowodnik-de» we «Start» menýusynda bökdençliklere sebäp bolýar

  • 26.11.2025 14:06
  • 1.6k+

Microsoft Windows 11 24H2 wersiýasynda «Prowodnik» (File Explorer), «Start» menýusy we birnäçe beýleki ulgam böleklerinde bökdençliklere sebäp bolýan çynlakaý säwligiň (bagyň) bardygyny tassyklady. Mesele OS-yň şu wersiýasynda işleýän, eger olarda 2025-nji ýylyň iýul aýynda ýa-da ondan soňky döwürde çykan toplaýjy täzelenmeler gurlan bolsa, şol kompýuterlere täsir edýär.

Bökdençlikler ulgama ilkinji gezek girilen (awtorizasiýa edilen) badyna derrew ýüze çykyp biler. Mesele diňe adaty kompýuter eýelerine däl, eýsem ulanyjy her gezek girende iş stoly gurşawynyň täzeden döredilýän wirtual iş gurşawynyň (VDI) ulanyjylaryna hem täsir edýär.
Meseläniň sebäbi, XAML garaşlylyklaryna jogapkär bolan bukjalaryň dogry bellige alynmazlygydyr. Täzelenmeleri gurnandan soň, MicrosoftWindows.Client.CBS, Microsoft.UI.Xaml.CBS we MicrosoftWindows.Client.Core komponentleri dogry bellige alnyp ýetişilmezligi mümkin. Bu bolsa kaskad täsirine getirýär: ulanyjy interfeýsiniň Explorer.exe, StartMenuExperienceHost we ShellHost.exe ýaly möhüm elementleri işini nädogry tamamlaýar ýa-da öz-özünden ýapylýar. Netijede, OS funksiýalarynyň belli bir bölegi işlemegini bes edýär we ulanyjylar gowy işlemeýän ulgamy görýärler.
Microsoft iýul aýyndaky aýlyk jemleýji täzelenme (KB5062553) ýa-da ondan soňky täzelenmeler gurnalandan soň, içki gözlegiň işinde, «Start» menýusynda, wezipeler panelinde, «Provodnik»-de we ulgam sazlamalarynda bökdençlikleriň bolmagynyň mümkindigini aýdyňlaşdyrdy. Kompaniýa bu meseläni çözmek üçin eýýäm patç çykarmagyň üstünde işleýär.
Wagtlaýyn çözgüt hökmünde Microsoft ýetmeýän paketleri PowerShell arkaly elde bellige almagy we soňra enjamy täzeden ýapyp-açmagy (perezagruzka) maslahat berýär. Wirtuallaşdyrylan VDI gurşawlary bolan guramalar üçin, «Prowodnigi» işe girizmezden öň işleýän we zerur komponentleri öňünden bellige alýan ýörite skript ulanmak teklip edilýär.


14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
889

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...

06.02.2026 11:51
1k+

Nvidia Windows 11-iň soňky täzelenmesini öçürmegi maslahat berýär: ol wideokartalaryň işinde bökdençliklere sebäp boldy

Nvidia kompaniýasy GeForce wideokartalaryny ulanýanlara grafiki kemçilikleriň we programmalaryň durnuksyz işlemegi sebäpli Windows 11-iň iň soňky täzelemesini aýyrmagy maslahat berdi. ​Öndüriji KB5074109 belgili täzelemäniň gurnalmagyny oýunçylaryň ekranda dürli şekil bozulmalarynyň peýda bolmagy baradaky köp sanly şikaýatlary bilen baglanyşdyrýar...