The Weeknd “After Hours Til Dawn” konsert syýahatyndan 1 mlrd dollardan gowrak gazanyp, rekord goýdy

  • 26.11.2025 10:02
  • 2.6k+

The Weeknd rekord goýmagyny dowam etdirýär: onuň dünýä boýunça After Hours Til Dawn konsert syýahaty erkek solo aýdymçylarynyň arasynda taryhda iň girdejili syýahat boldy.

2022-nji ýylda başlany bäri konsert syýahaty Demirgazyk Amerikada (iki gezek), Ýewropada, Beýik Britaniýada, Latyn Amerikasynda we Awstraliýada geçdi. Umuman alanyňda, 153 konsert üçin 7,5 milliondan gowrak petek satyldy, umumy girdeji bolsa 1 mlrd dollardan geçdi. Bu mukdar 2026-njy ýylda Meksikada, Braziliýada, Ýewropada we Beýik Britaniýada geçiriljek konsertlerden girdejini hem öz içine alýar diýip, Page Six habar berýär.
2023-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitaby The Weeknd-i “dünýäde iň meşhur artist” diýip atlandyrdy, onuň “Blinding Lights” aýdymy bolsa RIAA-dan “brilliant” statusyny (ABŞ-da albomyň ýa-da aýdymyň 10 milliondan gowrak nusgasynyň satylandygy üçin berilýär) aldy we Billboard Hot 100 çartynda Çabbi Çekeriň 1960-njy ýyldaky “The Twist” aýdymyndan öňe geçip, ähli döwrüň birinji belgili aýdymy boldy.
The Weeknd-iň üstünliginden ýokary netijäni görkezen ýeke-täk konsert syýahatlary – bu 1,5 mlrd dollar bilen Coldplay-iň Music of the Spheres we 2 mlrd dollar bilen Teýlor Swiftiň Eras Tour syýahatlarydyr.
Konsert işinden başga-da, artist haýyr-sahawat bilen işjeň meşgullanýar: ol XO Humanitarian Fund gaznasyna we Global Citizen guramasyna 8,5 mln dollardan gowrak bagyş etdi. 2026-njy ýyldaky konsertlerden alynjak girdejiler Bütindünýä azyk maksatnamasynyň we Global Citizen-iň başlangyçlarynyň goldawyna gönükdiriler. Muşdaklar Global Citizen arkaly her konsert üçin bir mugt petek utup biler.
Konsert syýahatynyň indiki tapgyry 20-nji aprelde Mehikoda başlar we Rio-de-Žaneýro, San-Paulu, Pariž, Amsterdam, Milan, London we Madrid ýaly şäherleri gurşap alar. 


düýn 10:46
2.8k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
7.1k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....