Krafton täze žanrda PUBG: Black Budget oýnuny hödürledi

  • 25.11.2025 13:39
  • 3.1k+

Krafton kompaniýasy PlayerUnknown’s seriýasynyň täze PUBG: Black Budget oýnuny hödürledi. Patyşalyk söweşi bolan hakyky PUBG: Battlegrounds oýnundan tapawutlylykda täze taslama ekstrakşn-şuter žanrynda döredildi.

Black Budget-iň wakalary wagtyň gaýtalanýan syrly adasynda bolup geçýär. Oýunçylar artefaktlary gözläp, şol bir wagtyň özünde adada ýaşaýan beýleki oýunçylar we nägehanlar bilen söweşmeli bolar.
Oýnuň kartasynyň ölçegi 2,5 x 2,5 kilometr bolup, bir reýd, takmynan, 30 minut dowam edýär. Şol bir wagtyň özünde, işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, oýnuň içinde patyşalyk söweşiniň elementleri saklandy: ýörite Anomaliýa kem-kemden oýun zolagyny kiçeldip, oýunçylary biri-birine has ýakyn söweşmäge mejbur eder.
Oýnuň çykjak senesi entek yglan edilmedi. Ýapyk beta-synag 12-14 we 19-21-nji dekabra meýilleşdirilýär. Oýun eýýäm Steam-de peýda boldy. Ulgam talaplarynyň arasynda GeForce RTX 2060 we 16 GB operatiw ýat bar. 

şu gün 12:35
1.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......