Huawei inçe korpusly we kuwwatly Mate X7 eplenýän smartfonyny hödürledi

  • 27.11.2025 10:22
  • 1.8k+

Huawei kompaniýasy Mate 80 hatary bilen birlikde öz Mate X7 eplenýän smartfonyny tanyşdyrdy. Model täzelenen dizaýna we kämilleşdirilen kameralara eýe bolup, öňküsinden has inçe we berk boldy.

Mate X7 durulygy Full HD+, täzelenme ýygylygy 120 Gs we ýagtylygy 3000 nite çenli bolan 6,49 dýuým diagonally daşky ekran bilen üpjün edildi. Içki displeýiň diagonaly 8 dýuým, durulygy 2416x2210 piksel, ýygylygy 120 Gs we ýagtylygy 2500 nite çenli. Smartfonyň ýogynlygy açylan görnüşde 4,5 mm, ýygnalan görnüşde 9,5 mm, agramy bolsa 235 grama barabar.
Smartfon Kirin 9030 çibinde işleýär we 20 GB çenli operatiw hem-de 1 TB çenli içki ýat bilen üpjün edilip bilner.
Model IP58 we IP59 ülňüleri boýunça suwdan goraga eýe boldy. Ekran ikinji nesil Kunlun Glass aýnasy bilen örtüldi. Görkeziş synaglarynda smartfon gyzgyn suwa, metal şaryň urgusyna we köp gezek egreltmä çydady.
5600 mA/sag sygymly akkumulýator 66 Wt kuwwatly simli we 50 Wt simsiz zarýady goldaýar. Şeýle-de, “Ekspedisiýa” režimi bolup, onuň kömegi bilen smartfon bir zarýadda 10 güne çenli işläp bilýär.

Kameralar Mate 80 Pro bilen meňzeş: üýtgeýän diafragmaly 50 Mp esasy modul, 3,5x optiki zum bilen periskop, 40 Mp ultra giňburçly kamera we 8 Mp frontal. Collector’s Edition wersiýasynda esasy modul üçin uly 1/1,28 dýuým datçik ulanylýar. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, ol iPhone 17 Pro Max-daky sensordan iki esse köp ýagtylyk ýygnaýar, periskopik kamera bolsa 127% köp ýagtylyk geçirýär.
Model bäş wersiýada hödürlenýär:

  • 12/256 GB — $1830;
  • 12/512 GB — $1970;
  • 16/512 GB Collector’s Edition — $2110;
  • 16 GB/1 TB Collector’s Edition — $2250;
  • 20 GB/1 TB Collector’s Edition (stilus bilen) — $2480.

Smartfon bäş reňkde çykýar: Obsidian Black, Cloud Blue, Cloud White, Universal Red we Phantom Purple (soňkusy diňe Collector’s Edition üçin).


31.12.2025 08:10
3.4k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...