Collider geçen asyryň iň gorkunç filmleriniň ilkinji onlugyny hödürledi

  • 22.11.2025 23:54
  • 4.2k+

Collider žurnaly XX asyrda düşürilen nägehanlar baradaky iň gorkunç on filmiň reýtingini taýýarlady.

Žurnalist Jeremi Urkhartyň makalasynda nägehanlar baradaky her bir filmiň horror žanryna degişli däldigi, ýöne saýlanan filmleriň howsala we howp duýgusyny güýçli döredýändigi, şol sebäpli onlarça ýyllardan soň hem ýörgünli bolup galýandygy aýdylýar.
Sanawda birinji orny Kurt Rasselliň baş keşbi ýerine ýetirmeginde Jon Karpenteriň “Närse” filmi eýeledi. Film adam keşbine girip bilýän başga planetaly jandara duşýan polýar adamlary barada gürrüň berýär. Collider “filmiň haýran galdyryjy wizual tarapyna” ýokary baha berýär we filmi ylmy fantastika bilen horroryň üstünlikli utgaşmasy diýip atlandyrýar.
Ikinji orunda Stiwen Spilbergiň “Dişler” filmi ýerleşdi. Neşiriň pikiriçe, dartgynly atmosferasy sebäpli akulalar baradaky bu film “žanryň tas idealy” hasaplanýar.
Üçünji orny 1954-nji ýylyň Isiro Honda tarapyndan düşürilen “Godzilla” filmi eýeledi. Urkhartyň aýtmagyna görä, “bu film tutuş franşizanyň esasyny goýdy we ýadro eýýamynyň howplarynyň möhüm medeni allegoriýasy bolup galýar”.
Ahyrky onluga Godzilla baradaky seriýadan birbada dört film girdi. Doly sanaw şeýle görnüşde:

  1. ·“Närse” (“The Thing”, 1982)
  2. ·“Dişler” (“Jaws”, 1975)
  3. ·“Godzilla” (“Gojira”, 1954)
  4. ·“Amerikan adam-möjegi Londonda” (“An American Werewolf in London”, 1981)
  5. ·“Godzilla Ýumruja garşy” (“Godzilla vs. Destoroyah”, 1995)
  6. ·“Keseki” (“Alien”, 1979)
  7. ·“Siňek” (“The Fly”, 1986)
  8. ·“Godzilla Hedora garşy” (“Godzilla vs. Hedorah”, 1971)
  9. ·“Uwwuldy” (“The Howling”, 1981)
  10. ·“Godzilla Biollantä garşy” (“Godzilla vs. Biollante”, 1989)

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....