Luwr muzeýinde ýakynda bolup geçen talaňçylyk barada film düşüriler

  • 24.11.2025 11:52
  • 3.8k+

Amerikaly prodýuser R.J. Katler we fransiýaly režissýor Loran Buzero ýakynda Luwrda bolup geçen ogurlyk barada dokumental film döretmäge girişdi. Bu barada Hollywood Reporter habar berýär.

Neşir filmiň ogurlygyň özüne we oňa gatnaşan adamlaryň gözlegine bagyşlanjakdygyny belleýär. Taslama trilleriň we tru-kraýmyň elementleri bolan dokumental film hökmünde göz öňünde tutulýar. Onda derňew işleriniň gidişi barada gürrüň berler, şaýatlar, sülçüler we muzeýiň wekilleri görkeziler, şeýle-de ogurlanan şaý-sepleriň ýerleşip biljek ýeri baradaky soraga seredilip geçiler.
Gymmat bahaly şaý-sepler 2025-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda ogurlandy. Jenaýatçylar Luwra girip, Napoleon III-niň döwrüne degişli predmetleri: broşlary, tiaralary we monjuklary aldy. Bu zatlaryň ählisine olar ýedi minut töweregi sarp etdi. Ýitgi 88 mln ýewro diýlip hasaplanýar.
Ogurlykda güman edilip, ýedi adam tussag edildi. Dördüsine günä bildirildi, galan üçüsi boşadyldy. Ogurlanan predmetler entek tapylmady.
Fransiýanyň Medeniýet ministrligi bolup geçen wakadan soň muzeýde täze howpsuzlyk serişdeleriniň gurnaljakdygyny habar berdi.


13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.5k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....