iPhone Air-iň baş dizaýneri Apple-den gitdi

  • 23.11.2025 20:58
  • 4.8k+

Senagat dizaýneri Abidur Çoudhuri Apple kompaniýasyndan gitdi. Ol kompaniýanyň iň soňky modelleriniň biri bolan iPhone Air-iň esasy işläp düzüjisi bolupdy diýip, 9to5mac çeşmelerine salgylanyp habar berýär.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, Çoudhuri emeli aň tehnologiýalarynyň üstünde işleýän bir startapa (ýa-da başlangyja) işe girdi. Startapyň ady mälim edilmedi.
Abidur Çoudhuri soňky üç ýylda Apple kompaniýasyndan giden birnäçe esasy dizaýnerleriň biridir. 2022-nji ýylda kompaniýadan 2019-njy ýylda meşhur Jonatan Aýwyň ýerine korporasiýanyň baş dizaýneri wezipesini eýelän Ewans Henki gitdi. 2023-nji ýylda Apple kompaniýasynda 25 ýyldan gowrak wagt işlän senagat dizaýny boýunça wise-prezident Tan Tan hem kompaniýadan gitdi. Şu ýylyň iýul aýynda bolsa, ulanyjy interfeýsiniň dizaýn toparynda 15 ýyldan gowrak işlän Saýrus Daniel hem kompaniýany terk etdi.
Şeýle işgärler çalşygynyň fonunda Apple täze iPhone modelleriniň satuwy arkaly Hytaý bazaryndaky ornuny bölekleýin berkitmegi başardy. Counterpoint-iň maglumatlaryna görä, Hytaýda Apple-iň smartfonlarynyň satuwy oktýabr aýynda, geçen ýylyň degişli aýy bilen deňeşdirilende, 37% artdy. Kompaniýanyň bazardaky paýy, geçen ýylyň şol bir döwri bilen deňeşdirilende, 25%-e çenli ýetdi. Seljerijiler satuwyň ösüşini iPhone 17-ä bolan ýokary isleg bilen baglanyşdyrýarlar, ol öňki model iPhone 16-a bolan islegden ep-esli ýokarydy.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...