“Kalmar oýnunyň” amerikan wersiýasy 2026-njy ýylda düşürilip başlanar

  • 22.11.2025 14:43
  • 4.8k+

Meşhur “Kalmar oýny” serialynyň amerikan spin-offy resmi taýdan önümçilige goýberildi. Kino we telewizion pudagy birleşiginiň maglumatlaryna görä, “Kalmar oýny: Amerika” atly taslama 2026-njy ýylyň fewralynda Los-Anjelesde düşürilip başlanar.

Netflix entek tesmi taýdan tassyklamady, ýöne önümçilik maglumat bazasynda awtorlaryň düzümi eýýäm görkezilen. Režissýor hökmünde Dewid Finçer çykyş eder, asyl serialy dörediji Hwan Don Hek bolsa prodýuser bolar.
Ssenarini “Matilda” mýuzikliniň awtory Dennis Kelli ýazar. Aktýorlar düzümine hakyky serialyň üçünji möwsüminiň ahyrynda peýda bolan Keýt Blanşett hem girdi.
Gysgaça beýana görä, spin-off koreý serialynyň amerikan görnüşi bolar, wakalar hem şol bir dünýäde ýaýbaňlanar, ýöne “oýunlaryň Amerikada nähili geçirilýändigini” görkezer. 


düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....