Germaniýada Bahyň ozal näbelli iki kompozisiýasy ýerine ýetirildi

  • 23.11.2025 21:10
  • 1.3k+

Germaniýaly sazşynas 30 ýyl mundan ozal tapylan iki organ kompozisiýasynyň Iogann Sebastýan Baha (1685 – 1750) degişlidigini anyklady. Bu barada MDR teleradiokompaniýasy habar berdi.

1992-nji ýylda sazşynas Peter Wollni Brýusseliň Patyşalyk kitaphanasynda işleýän wagty “Çakona re minor” we “Çakona sol minor” aýdym-saz eserleri bilen XVII asyryň iki golýazmasyny tapdy. Ol onlarça ýylyň dowamynda bu kompozisiýalaryň Bah tarapyndan döredilendigine subutnama ýygnady.
Wollni, takmynan, 1705-nji ýylda Bahyň şägirdiniň onuň irki eserlerini göçürip alandygy baradaky pikiri öňe sürýär.

“Eserler Bahyň bu döwürdäki kompozisiýalaryna mahsus bolan we başga hiç bir kompozitoryňka meňzemeýän stilistik aýratynlyklary saklaýar” – diýip, Wollni belledi.

Indi bu iki çakona soňky 320 ýylda ikinji gezek Leýpsigdäki Keramatly Foma ybadathanasynda ýerine ýetirildi.
Iogann Sebastýan Bah barokko eýýamynyň aýdym-saz sungatynyň iň uly wekilleriniň biri hasaplanýar. Ol müňden gowrak eser döretdi we öz döwrüniň operadan başga ähli žanrlarynda diýen ýaly işledi.


08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......