Huawei uly OLED ekrany we kuwwatly akkumulýator bilen planşet çykardy

  • 26.11.2025 17:46
  • 1.7k+

Mate 80 smartfon hataryndan başga-da, Huawei kompaniýasy tanyşdyrylyş dabarasynda täze MatePad Edge planşetini görkezdi. Ol gibrid gurluş bolup, klawiaturaly esas arkaly noutbuga hem öwrülip bilýär.

Täze planşetiň esasy aýratynlyklarynyň arasynda durulygy 3120 x 2080 piksel we täzelenme ýygylygy 120 Gs bolan 14,2 dýuýmlyk uly OLED ekrany bar. Huawei onuň inçe çarçuwasyna-da (4,1 mm) aýratyn ünsi çekýär.
Planşet 10 ýadroly CPU bilen 10 ýadroly GPU Ma Liang 920-i öz içine alýan bir kristally Kirin X90/X90A çibine esaslanýar. 2023-nji ýylda çykan MatePad Pro 13.2 bilen deňeşdirilende kompaniýa öndürijiligiň tas dört esse ýokarlanmagyny wada berýär.
Planşet 16-dan 32 GB çenli operatiw ýat we 256-dan 2 TB çenli hemişelik ýat bilen üpjün edildi. Şeýle-de, MatePad Edge-de 140 Wt çalt zarýad alyş goldawy bilen 12 900 mA/sag sygymly akkumulýator oturdyldy; ters zarýad hem kuwwatly bolup, 40 Wt barabar.
Öndürijiligi üpjün etmek üçin işjeň sowadyş ulgamy ulanyldy. Ol iki wentilýatordan, iki uly bug kamerasyndan, şeýle-de inçe suwuk sowadyş ulgamyndan ybarat. Planşetiň göwrümi 789 g agramda 312 x 212 x 6,85 mm barabar. Şeýle-de, 50 we 8 Mp iki kamera bar.
Täze planşetiň bahasy wersiýasyna baglylykda 840-dan 1120 dollar aralygynda üýtgeýär. 1400 dollarlyk iň ýokary wersiýa klawiaturaly saklaýjy bilen Soft-Light ekranyny hödürleýär. 


16.01.2026 08:10
3.7k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...