Tramp Jeki Çan we Kris Taker bilen “Dykyn wagty” kinofranşizasyny dikeltmek isleýär

  • 26.11.2025 09:35
  • 9.6k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp “Dykyn wagty” (“Час пик”) kinofranşizasyny täzeden dikeltmek isleýär. Ak tamyň ýolbaşçysy 90-njy we 80-nji ýyllaryň komediýa görnüşli uruşly filmlerini gowy görýär we Jeki Çan bilen Kris Takeriň gatnaşmagyndaky kinotrilogiýany žanryň iň gowy mysallarynyň biri hasaplaýar diýip, Semafor neşiri ýazýar.

Maglumat çeşmeleriniň aýtmagyna görä, Prezident Paramount-yň Brett Ratneriň (ýakynda ol Melaniýa Tramp barada dokumental film düşürdi) režissýorlygynda çykan franşizany täzeden başlatmagyny isleýär.
Neşiriň belleýşi ýaly, amerikan kinostudiýalary ozal syýasatçynyň şeýle isleglerine ähmiýet bermändi. Indi ýagdaý Trampyň köne dosty we iň uly maliýe hemaýatkärleriniň biri bolan Larri Ellisonyň kömegi bilen üýtgäp biler. Häzir ol ähli film kataloglary bilen bilelikde Warner Bros. kinostudiýasyny satyn almak mümkinçiligi barada gepleşikleri geçirýän Paramount kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýär.
ABŞ-nyň Prezidentiniň ýene bir halaýan filmi hökmünde Semafor Žan-Klod Wan Damm bilen “Ganly sport” filmini belleýär. 


şu gün 16:26
1.6k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

şu gün 07:46
953

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.4k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....