The Economist: Dünýäde ýalňyz adamlaryň sany artýar

  • 23.11.2025 21:19
  • 4.7k+

Soňky sekiz ýylyň dowamynda dünýäde ýalňyz adamlaryň sany azyndan 100 million artdy. Bu maglumaty The Economist žurnaly getirýär we bu ýagdaýyň ösen ýurtlaryň aglabasy üçin häsiýetlidigini belleýär.

Iň ösen 30 ýurduň seljermesi olaryň 26-synda 2010-njy ýyldan bäri ýanýoldaşsyz ýaşaýan adamlaryň paýynyň artandygyny görkezdi.
ABŞ-da 25-34 ýaş aralygyndaky ýalňyz raýatlaryň sany soňky 50 ýylyň dowamynda iki esse artdy. Häzirki wagtda erkekleriň 50%-i we zenanlaryň 41%-i ýanýoldaşsyz ýaşaýar.
Neşir bu ýagdaýy zenanlaryň ykdysady garaşsyzlygynyň artmagy we nikalaşmak babatda jemgyýetçilik basyşynyň azalmagy bilen baglanyşdyrýar. «Adaty gatnaşyklar ýekelikde ýaşamakdan az özüne çekiji bolup görünýär» - diýip, neşir ýazýar.
Şol bir wagtyň özünde, pes girdejili erkekler üçin ýanýoldaş tapmak has kynlaşýar, bu bolsa statistika hem täsirini ýetirýär.
Sosial torlar hem aýratyn faktor hökmünde görkezilýär. Ol gatnaşyklardan aşa ýokary garaşmak duýgusyny döredýär we duşuşyklar bilen baglanyşykly howsalalary artdyrýar. Tehnologiýanyň ösüşi hem ýagdaýa täsir edip başlady: ýeke ýaşaýan adamlaryň bir bölegi emeli aň ýoldaşlary bilen gatnaşygy has gowy görýärler.

şu gün 12:35
1.9k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

düýn 22:10
2.7k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

düýn 21:13
3k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 19:47
2.6k+

Iýmän doýmak: Günorta Koreýada «wirtual iýmit» hyzmatlary meşhurlyk gazanýar

Günorta Koreýada ýaşlaryň arasynda hakyky önümleri satyn alman, iýmit sargyt etmäge öýkünilýän sanly hyzmatlar barha ýoň bolup barýar. Ýerli metbugatyň maglumatlarynda şeýle platformalaryň ulanyjylara stres......