Supermen baradaky ilkinji komiks rekord 9,12 mln dollara satyldy

  • 24.11.2025 12:05
  • 2.6k+

1939-njy ýylda çykan “Supermen” komiksiniň ilkinji sanynyň asyl nusgasy auksionda 9,12 mln dollara satyldy. NBC News-iň habar bermegine görä, bu komiks bazary üçin hakyky rekord boldy.

Uzak wagtlap bu nusga ýitirilen diýlip hasaplanypdy: ol köp ýyllap Demirgazyk Kaliforniýadaky bir öýüň üçeginde gutuda saklanypdyr. Ony üç dogan ejesi aradan çykandan soň goşlary tertipleşdirip ýörkä tapdy. Ene-atasy olara birwagtlar 1930-njy ýyllaryň seýrek komikslerini saklandygyny aýdypdy, ýöne hiç kim olaryň nirededigini bilmeýärdi. Bu gürrüňler wagtyň geçmegi bilen maşgala rowaýatyna öwrüldi we garaşylmadyk ýagdaýda hakykat bolup çykdy.
Bellenilişi ýaly, nusga örän gowy ýagdaýda saklanypdyr. Komikslere we kolleksiýa kartoçkalaryna baha berýän kompaniýa oňa mümkin bolan 10 baldan 9 bal berdi.
Heritage Auctions auksion öýi “Supermen №1-i” häzire çenli satylan iň gowy nusga diýip atlandyrdy we täze satuwyň öňki 6 mln dollar rekorddan geçendigini habar berdi.
Supermen personažy Ýewropadan ýewreý immigrantlaryň ogullary, ýazyjy Jerri Sigel we suratkeş Jo Şuster tarapyndan döredildi. Olaryň gahrymany eýýäm 90 ýyl bäri dünýä medeniýetiniň bir bölegi bolup galýar.
Soňra Sigel we Şuster Supermen üçin hukugy bary-ýogy 130 dollara satdy. Ahyrynda olar we olaryň mirasgärleri ençeme gezek kazyýetiň üsti bilen hukugy yzyna almaga çalyşdy, ýöne şowsuz boldy. Bellenilişi ýaly, 1978-nji ýylda, haçan-da Supermen barada ilkinji film çykanda, Şuster diýseň kyn şertlerde ýaşaýardy we kurýer bolup işleýärdi.
2012-nji ýylda gahryman üçin hukugyň satylandygy baradaky çek auksiona çykaryldy we 160 müň dollara satyldy.


düýn 10:46
2.8k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

13.06.2026 12:14
1.7k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.6k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....