4.5k+

Türkmenistan Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi

5-nji awgustda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň (LLDC3) çäklerinde Awazada ikitaraplaýyn resminamalaryň gol çekmek dabarasy geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistan bilen daşary ýurt döwletleriniň hem-de halkara guramalarynyň arasynda diplomatik, ykdysady we ösüş ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm resminamalara gol çekildi...

9.2k+

Antoniu Guterriş Awazada maslahatyň açylyşynda özgertmelere çagyryş bilen çykyş etdi

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Awazada geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dabaraly açylyşynda çykyş etdi. Maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin Türkmenistanyň hökümetine we halkyna minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş sekretary ýurdumyzyň halkara dialog üçin amatly şertleri döretmäge edýän tagallalaryny aýratyn belläp geçdi...

9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatynyň açylyşynda çykyş etdi

“Awaza” Kongresler merkezinde BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edip, çykyş etdi...

11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

4-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedov BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlary boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşyk geçirdi...

17k+

Eswatininiň Patyşasy Mswati III Türkmenistana geldi

Eswatininiň Patyşasy Mswati III BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi hbar berýär...

13k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenbaşy şäherine geldi

3-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi...

5.6k+

Antoniu Guterreş BMG-niň forumyna gatnaşmak üçin Awaza geler

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) gatnaşmak üçin Türkmenistana sapar bilen geler. Bu barada BMG-niň resmi habarlar saýtynda habar berildi...

13k+

Awazada BMG-niň maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler

5-nji awgustda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde milli tagamlaryň festiwaly geçiriler. "Türkmenistan" gazetinde habar berlişi ýaly, şu günler bu festiwala gatnaşjak aşpezler dost-doganlyk ýurtlardan Awaza gelip başladylar...

14k+

Türkmenistan BMG-niň Awazadaky maslahatynyň ilkinji gatnaşyjylaryny kabul edip başlady

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatyna gatnaşyjylary we beýleki myhmanlary kabul edýär. Türkmenbaşy Halkara howa menzilinde foruma gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerliginiň iň gowy milli däplerine laýyklykda garşylanylýar...

6.2k+

Ženewada Türkmenistanyň we Mawritaniýanyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

30-njy iýulda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili, ilçi Wepa Hajiýew Mawritaniýa Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar türkmen-mawritan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri, halkara guramalarynyň çäklerinde alnyp barylýan hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy...

7.7k+

Gazagystanyň Prezidenti Awazadaky maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistana geler

5-nji awgustda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana iş sapary bilen geler. Bu barada gazak Lideriniň metbugat gullugy habar berýär. Bellenilişi ýaly, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşar...