Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny taýýarlady

  • 30.08.2025 11:45
  • 2.5k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde öňümizdäki syýasy ýyl üçin Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny taýýarlady. Bu garaýyşlary 29-njy awgustda Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow beýan etdi.

Bu möhüm resminama esasy ugurlaryň birnäçesinden ybaratdyr.

Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek
Türkmenistan tarapyndan Baş Assambleýanyň nobatdaky sessiýasynda Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, BMG-niň Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen, geňeşmeleri geçirmek göz öňünde tutulýar.

  • “Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň hatyrasyna” atly bent girizip, onuň çäklerinde “Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy”, şeýle hem döwletimiziň halkara jemgyýetçilikde araçylyk tagallalaryna goşýan goşandy hökmünde “Halkara araçylyk güni” atly Kararnamalaryň taslamalaryny hödürlemek teklip edilýär.
  • Türkmenistan ÝUNESKO-nyň we Siwilizasiýalar bileleşiginiň howandarlygynda “Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi” atly halkara forumy, şol sanda parahatçylygyň, ynanyşmagyň we birek-birege hormatyň medeniýeti boýunça bütindünýä sammitini geçirmegi teklip edýär. Bu sammitiň netijesinde “Halkara ynanyşmak kodeksini” işläp taýýarlamaga çagyryş beýan ediler.

Durnukly ösüş

  • 2026 — 2035-nji ýyllar üçin «BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny» yglan etmek baradaky Kararnamany öňe sürer.
  • “Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny” atly Kararnamanyň taslamasyny hödürlär.
  • BMG-niň howandarlygynda Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder.

Ekologik howpsuzlygy

  • Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmegi teklip eder. Bu merkez topragyň we ekoulgamyň goragyny güýçlendirmek hem-de ýurtlaryň bilelikdäki tejribesini toplamak üçin köptaraplaýyn meýdança bolup hyzmat eder.
  • Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin konwensiýalaryň taýýarlanylmagy.
  • Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklibini iş ýüzünde amala aşyrmagy dowam eder.
  • Merkezi Aziýa döwletleri bilen bilelikde BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasyny döretmek we onuň wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli, meýilnamalaýyn işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar.
  • “Hazar ekologik başlangyjynyň” çäginde 2026-njy ýylda ikinji Hazar ekologiýa forumyny geçirmek teklip edilýär.

Ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk

  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» mowzugy boýunça halkara maslahaty geçirmek göz öňünde tutulýar.
  • Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjy öňe sürler.
  • “Köp dilli diplomatiýanyň halkara gününi” yglan etmek boýunça başlangyjy öňe sürmek.
  • “Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy” atly Kararnamany taýýarlamak teklip edilýär.

Hukuk ulgamynda hyzmatdaşlyk

  • 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek.
  • 2031-2032-nji ýyllarda Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna we beýleki saýlawly wezipelere Türkmenistanyň saýlanmagy boýunça taýýarlyk işleri dowam etdiriler.

Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlaryny Birleşen Milletler Guramasynyň Sekretariatyna ibermek, olary bu guramanyň agza ýurtlarynyň arasynda beýan etmek we agzalan resminamanyň mazmuny barada milli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde maglumatlary ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen birlikde, bu babatda şu ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň gatnaşmagynda brifingi geçirmek meýilleşdirilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasyna gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we hödürlenen teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......