Nýu-Ýorkda Türkmenistanyň we Kubanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

  • 23.09.2025 19:21
  • 5.5k+

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Kubanyň daşary işler ministri Bruno Rodriges Parrilýanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar türkmen-kuba gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara seredilip, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Şeýle hem saglygy goraýyş, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň geljegine garaldy.
Diplomatlar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen işjeň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan meýillerini tassykladylar.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......