DIM-nde geçirilen brifingde BMG-niň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary beýan edildi

  • 01.09.2025 13:51
  • 1.1k+

30-njy awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleri barada brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we işgärleri, Aşgabatda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki şanly 80-nji sessiýasynyň wajyplygy barada aýratyn belläp, munuň köptaraplaýyn diplomatiýanyň durnuklylygyny we wajyplygyny alamatlandyrýan ähmiýetli sepgitdigini nygtady.
Türkmenistanyň ynanyşmaga we hormat goýmaga esaslanan oňyn bitaraplyk syýasatynyň durnuklylygy berkitmegiň, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň hem-de halkara hyzmatdaşlygyň ösüşiniň netijeli guralydygyndan ugur alýandygy barada bellenip geçildi.
Brifinge gatnaşyjylar özara pikir alşyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan wezipeleriniň çäklerindäki meseleleri durmuşa geçirmek ýolunda ysnyşykly özara gatnaşyklary dowam etdirmek babatda aýtdylar.
Brifingiň dowamynda parahatçylyk gurluşyk, sebitleýin we halkara durnuklylygy hem-de durnukly ösüşi öňe sürmek meselelerinde Türkmenistanyň işjeň we konstruktiw orny barada bellenildi.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......