Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy

  • 12.09.2025 12:28
  • 2.1k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmenistanyň DIM-nde habar bermeklerine görä, duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 9-njy sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky mejlisiniň ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin ähmiýetli halkara meýdança öwrülendigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň öňümizdäki mejlisine degişli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn orun berildi.
Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygyny baýram etmäge taýýarlyk görmek bilen baglylykda, türkmen tarapynyň ýurdumyzda meýilleşdirilen çäreleriň geçirilmegine ýardam bermäge taýýardygy beýan edildi.


düýn 18:57
1k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
968

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
993

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......