Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rozmari Dikarlo bilen duşuşdy

  • 23.09.2025 19:16
  • 3.8k+

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Syýasy we parahatçylyk döredijilik meseleleri boýunça orunbasary hanym Rozmari Dikarlo bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BMG-niň ulgamy bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmek we halkara howpsuzlygyny berkitmek ýaly esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Öňüni alyş diplomatiýasyny ösdürmäge, şol sanda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işine hem-de sebitleýin hyzmatdaşlyk mehanizmlerini berkitmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň döwletleriň arasyndaky özara ynanyşmagy pugtalandyrmak we halkara derejede netijeli konstruktiw dialogy ösdürmek ugrunda öňe sürýän başlangyçlary, şol sanda 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan edilmegi aýratyn bellenip geçildi.
Şu başlangyçlaryň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň gün tertibine «Bitaraplyk — parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine» atly bent girizildi. Şonuň bilen baglylykda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy» hem-de «Halkara araçylyk güni» atly Kararnamalaryň taslamalaryna garamak göz öňünde tutuldy.
Şeýle-de taraplar häzirki döwrüň sebit we dünýä derejesindäki möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......