Türkmenistan we ÝUNFPA täze ýurt maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 16.09.2025 20:14
  • 2k+

16-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistanyň hem-de ÝUNFPA-nyň arasyndaky ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmegiň ähmiýetini nygtadylar.
2025-nji ýylyň 28-nji awgustynda Nýu-Ýork şäherinde geçirilen UNFPA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň Ikinji yzygider mejlisinde 2026–2030-njy ýyllara niýetlenen ÝUNFPA-nyň Türkmenistan üçin ýurt maksatnamasynyň tassyklanandygy aýratyn bellenildi.
Şeýle hem duşuşykda bilelikdäki ylalaşyklary we meýilnamalary mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanma bildirip, täze Ýurt boýunça maksatnamanyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.


şu gün 15:39
281

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....