Türkmenistanyň DIM-nde BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi

  • 12.09.2025 17:27
  • 3.1k+

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M. Bäşimowa BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpen bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Möhleti 2027-nji ýylyň iýunyna çenli uzaldylan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin 2022–2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalara aýratyn üns berildi.
Duşuşykda kiberhowpsuzlyk meselelerine hem aýratyn orun berildi. Kiberjenaýata garşy göreşmek boýunça BMG tarapyndan kabul edilen Konwensiýanyň ähmiýeti nygtaldy. Bu resminama gol çekmeklik şu ýylyň 25–26-njy oktýabrynda Wýetnamda geçiriler.
Türkmen tarapy kiberhowpsuzlyk, sintetiki neşe serişdelerine we adam söwdasyna garşy göreşmek ýaly ugurlarda BMG-niň degişli müdirligi bilen netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge bolan ygrarlylygyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2025 – 2029-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň kabul edilmeginiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.
Şu ýylda geçiriljek bilelikdäki çäreleriň guramaçylyk meselelerine hem seredildi.


şu gün 18:57
352

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

13.06.2026 16:30
950

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

13.06.2026 12:20
977

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
7.2k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......