BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlary çap edildi

  • 19.09.2025 15:39
  • 2.2k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynde öňe sürjek ileri tutýan garaýyşlaryny çap etdi.

Ýurdumyz Baş Assambleýanyň öňde boljak sessiýasynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ählumumy we sebit meseleleri boýunça möhüm halkara başlangyçlarynyň ilerledilmegine mundan beýläk hem goşant goşmak üçin garaýyşlary öňe sürer.

Parahatçylyk we howpsuzlyk

  • Türkmenistan Parahatçylyk we howpsuzlyk üçin Bitaraplygyň ýörelgelerini berjaý etmek we durmuşa geçirmek boýunça ýörite gollanmany taýýarlamaga işjeň gatnaşmagy, şeýle hem Türkmenistanda BMG-niň howandarlygynda Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek maksady bilen geňeşmeleri geçirmek başlangyjyny öňe sürmegi maksat edinýär.
    2026-njy ýylyň birinji ýarymynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we wajyplygy» atly Kararnamanyň taslamasyna garamak başlangyjyny öňe sürer.
  • Aşgabatda BMG-niň, ÝUNESKO-nyň hem-de Siwilizasiýalaryň bileleşiginiň howandarlygynda sebitiň ýurtlarynyň, halkara bilermenleriň we edaralaryň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa — parahatçylykly ýaşaýşy gurmagyň giňişligi» atly halkara forumy geçirmegi teklip eder.
  • Aşgabatda terrorçylygy öňünden duýdurmak boýunça TGGBM-niň hemişelik maksatnamalaýyn edarasyny esaslandyrmak başlangyjyny öňe sürer.
  • Türkmenistan Halkara araçylyk gününi yglan etmek hakynda Kararnamanyň taslamasyna garamagy teklip eder.
  • BMG-niň howandarlygynda Halklaryň arasynda parahatçylyk, ynanyşmak hem-de özara hormat goýmak medeniýetiniň meseleleri boýunça bütindünýä sammitini geçirmek başlangyjyny öňe sürer.
  • Halkara ynanyşmagyň ählumumy kodeksiniň işlenip taýýarlanylmagy we kabul edilmegi şol sammitiň möhüm wezipeleriniň biri bolmak bilen, deňhukuklylyk, özygtyýarlylyga we çäk bitewüligine hormat goýmak ýörelgelerinde ýurtlaryň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak, dünýä derejeli meseleleri hyzmatdaşlyk we ylalaşyk arkaly bilelikde çözmek üçin köptaraplaýyn binýat bolup hyzmat eder.

Durnukly ösüş, ulag we energetika

  • Türkmenistan BMG-niň Durnukly ulag boýunça onýyllygyny (2026 — 2035-nji ýyllar üçin) yglan etmek başlangyjyny öňe sürmek bilen, onuň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlär. 
  • «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnamanyň taslamasyny BMG-niň Baş Assambleýasynyň Ikinji komitetiniň garamagyna hödürlär.
  • Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe zyýan ýetirmek üçin peýdalanylmagyna ýol bermezlik ýörelgelerine esaslanýan Dünýä sanly integrasiýa platformasyny döretmek baradaky başlangyç bilen çykyş eder.

Ekologiýa, howa we suw serişdeleri

  • Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebitleýin merkezi döretmek başlangyjy bilen çykyş eder.
  • Amyderýanyň we Syrderýanyň basseýnleri boýunça sebitleýin Konwensiýalaryň işlenip taýýarlanylmagyny we kabul edilmegini ilerleder.
  • BMG-niň Aral deňziniň basseýni üçin Ýörite maksatnamasynyň esasy ugurlaryny we wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça çäreleri yzygiderli hem-de meýilnamalaýyn esasda dowam etdirmegi ugur edinýär.
  • Hazar ekologik başlangyjyny öňe sürer. Ol Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak babatda halkara meýdança öwrüler. 2026-njy ýylda geçirilmegi teklip edilýän ikinji Hazar ekologiýa forumy bu ugurda möhüm ädim bolar.
  • Türkmenistan ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalaryň sebit merkezini döretmek boýunça işleri dowam etdirer.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk

  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlar dialogynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, “Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk” ählumumy gün tertibiniň çäklerinde Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyny geçirmegi teklip eder. 
  • Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky başlangyjy BMG-niň garamagyna hödürlär.
  • Aşgabatda ýaş parahatçylyk gurujylary taýýarlajak sebitleýin platformany döretmek başlangyjyny öňe sürer. 
  • «Parahatçylygyň we ösüşiň esasy hökmünde Beýik Ýüpek ýolunyň medeni mirasy» atly Kararnamanyň taslamasyny Baş Assambleýanyň garamagyna hödürlemegi maksat edinýär.

Halkara hukuk we BMG bilen hyzmatdaşlyk

  • Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibi beýan eder.

Netijenama
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň dowamynda bitaraplyk, ynanyşmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan howpsuzlyga hem-de durnukly ösüşe bitewi çemeleşilmegini öňe sürer. Biziň ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, abadançylygy berkarar etmegiň bähbidine BMG-niň ähli agza döwletleri we düzümleri bilen oňyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklaýar.

 


06.01.2026 22:50
1.9k+

Türkmenistanda geçen hepdäniň birža söwdalarynyň jemi bahasy 6 mln dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 324 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 12-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar...

06.01.2026 13:57
10k+

Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen möwsümleýin oba hojalyk işleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

5-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy...

05.01.2026 12:32
3.5k+

Serdar Berdimuhamedow Frank-Walter Ştaýnmaýeri 70 ýaş toýy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere şanly 70 ýaş toýy mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär we mazmun taýdan baýlaşdyrylýar...

05.01.2026 12:16
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň täze Prezidentini wezipesine girişmegi bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Gi Parmeline Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli, tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär. Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Gi Parmeline berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Şweýsariýanyň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barjak işlerinde üstünlikleri arzuw etdi...