Raşid Meredow Nýu-Ýorkda ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

  • 23.09.2025 18:25
  • 4.8k+

22-nji sentýabrda Nýu-Ýork şäherinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji mejlisiniň çäklerinde, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landau bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de onuň geljekki ösüş mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, maýa goýum we tehnologik ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalaryny birleşdirýän we işewür gatnaşyklary giňeltmäge ýardam edýän Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň ähmiýeti hem bellenip geçildi.
Şeýle hem taraplar özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit meseleleriniň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar.


08.06.2026 18:54
3.9k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......