2.6k+

Azerbaýjanda oktýabr aýynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada Trend agentligi habar berýär. Çäreler iki ýurduň arasyndaky ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygyň çäginde guralyp, halklaryň arasyndaky dostlugy hem-de özara düşünişmegi berkitmekde möhüm waka bolar...

5.5k+

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleri üçin sungatyň taryhy boýunça okuw kitaby

Türkmenistanda «Ylym» neşirýaty tarapyndan «Umumy sungat taryhy» okuw kitaby neşir edildi. Bu kitap ýokary okuw mekdepleriniň «Binagärlik», «Binagärlik gurşawynyň dizaýny» hem-de «Şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek» hünärleri üçin niýetlenendir diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär...

6.2k+

Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidentini dekabrdaky halkara foruma çagyrdy

29-njy awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär. Serdar Berdimuhamedow Li Çže Mýony Koreýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen gutlap, oňa jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi...

17k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda täze uniwersitetiň açylyş dabarasyna gatnaşar

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlisiniň barşynda 1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli ýurdumyzda birnäçe bilim edaralarynyň açylyp ulanylmaga beriljekdigini aýtdy. Hususan-da, Aşgabat şäherinde Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti, Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berler...

3k+

Türkmenistanyň ilçisiniň Irlandiýa iş saparyny amala aşyrdy

25-nji awgustda Türkmenistanyň Irlandiýadaky ilçisi Ýa.Serýaýew (oturýan ýeri London ş.) Dublin şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Saparyň dowamynda ilçi Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Wiktor bilen duşuşdy we ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy...

8.1k+

Moskwada Raşid Meredowyň we Sergeý Lawrowyň duşuşygy geçirildi

28-nji awgustda Moskwada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary çuňňur strategik hyzmatdaşlygyň ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogyň netijeli häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler...

11k+

«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş edýän Türkmenistandan «Altyn asyr» toparynyň toparçadaky garşydaşlary belli boldy. Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde, «A» toparça düşen paýtagtymyzyň toparynyň garşydaşlary Butanyň «Paro», Omanyň «Al-Şabab» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary boldular...

12k+

Aşgabatda Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça tender yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabatda Ankara köçesiniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we guramalaryň teklipleri bellenilen tertipde kabul edilýär...

8.1k+

Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip hat ýazdy

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Awazada BMG-niň maslahatynyň üstünlikli geçirilmegine hoşallyk bildirip hat iberdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty 2025-nji ýylyň 5 — 8-nji awgustynda geçirildi...

7.7k+

6-njy sentýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

6-njy sentýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar...

3.8k+

Serdar Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasyny diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Monako Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 10 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi...

1.9k+

Aşgabatda Pakistanyň DIM-niň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günbatar Aziýa ýurtlary we Owganystan boýunça Pakistanyň DIM-niň Goşmaça sekretary Saýed Ali Asad Gillaniniň arasynda duşuşyk geçirildi.  Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ugurlardaky hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşdylar...

11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (25.08 - 31.08)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser...

6.1k+

Aşgabatda "Kids EXPO" sergisiniň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi geçirildi

Aşgabatda geçirilen «Kids EXPO: ähli zat çagalar üçin » atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde «Sumo robot» bäsleşigi guraldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de «Döwrebap maslahat» hususy kärhanasynyň bilelikde geçiren bäsleşigine ýurdumyz boýunça ýaşlaryň 50-ä golaýy gatnaşdy...

6.6k+

Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleri Awazada üçtaraplaýyn duşuşykda çykyş etdiler

22-nji awgustda “Awa­za” mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da­ky Kong­res­ler mer­ke­zin­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­janyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tanyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk ge­çi­ril­di...

8.4k+

Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady

Şu gün, 22-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady diýip, TDH habar berýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady...