Günorta Koreýa Türkmenistanyň DIM-niň HGI-ne 220 müň dollarlyk tehniki enjamlary gowşurdy

  • 04.02.2026 12:32
  • 6.1k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty (HGI) Koreýa Respublikasyndan umumy bahasy 220 müň ABŞ dollaryna deň bolan tehniki enjamlary kabul etdi. Gowşuryş dabarasy 3-nji fewralda, 2025-nji ýyl üçin kiçi göwrümli resmi kömek maksatnamasynyň (ODA) çäklerinde geçirildi.
Çärä Koreýa Respublikasynyň ynanylan wekili Kim Jun Çhol we Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa gatnaşdy.
Bu başlangyç ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine ýardam berýän taslamalara maddy goldaw bermäge gönükdirilendir. Gowşurylan enjamlar halkara kömek maksatnamasynyň maksatlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdebiniň tehniki binýadyny kämilleşdirmäge niýetlenendir.
Duşuşygyň dowamynda resmi wekiller şu ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleri durmuşa geçirmekde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny tassyklady.


düýn 18:12
3.8k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
3.8k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

düýn 16:35
4.8k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

düýn 07:55
2.3k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......