Türkmen hünärmenleriniň ylmy işleri Nýu-Ýorkuň abraýly žurnalynda çap edildi

  • 02.02.2026 12:36
  • 3.1k+

Türkmen hünärmenleriniň geçiren ylmy barlaglarynyň netijeleri ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde neşir edilýän «Annals of Rehabilitation and Regenerative Medicine» atly halkara ylmy žurnalynda çap edildi. Bu makalalar Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň «Olimp» ylmy-usulyýet merkeziniň alyp baran işleriniň netijeleri esasynda taýýarlandy.

Agzalan neşir dikeldiş, sport lukmançylygy we hereket işjeňliginiň netijeliligi ulgamyndaky döwrebap çemeleşmelere ýöriteleşendir. Žurnalyň redaksiýa geňeşiniň düzümine ABŞ-nyň, Russiýanyň, Awstraliýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy bilermenleri girýär. Bu bolsa çap edilýän işleriň halkara syn standartlaryna doly laýyk gelmegini üpjün edýär.
«Olimp» merkeziniň ylmy-barlag işleri milli ýygyndy toparlaryň türgenlerini taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Alnan ylmy maglumatlar türgenleşik işlerini kämilleşdirmek boýunça maslahatlary işläp düzmekde esas bolup hyzmat edýär. Barlaglaryň netijeleri diňe bir Nýu-Ýorkuň neşirinde däl, eýsem, Google Scholar we E-Library ýaly halkara ylmy platformalarynda hem ýerleşdirilýär.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......