Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslar barada çeper film surata düşürmegi teklip etdi

  • 05.02.2026 02:37
  • 5.4k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine baranynda ol ýerde iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Maslahata Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory P.Baýramdurdyýew, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de «Türkmen alabaýlary» assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejepow gatnaşdy.
Duşuşykda Halkara atçylyk akademiýasynda hünärmenleri taýýarlamak, talyplar üçin amal sapaklarynyň şertleri, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bellenilişi ýaly, geljek ýylda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň döredilenine 20 ýyl dolýar. Bu döwrüň içinde topar halkara derejesinde ykrar edilmegi başardy, dürli ýyllarda festiwallarda we bäsleşiklerde ençeme baýrak gazandy.
Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk ugry boýunça şu ýyl geçiriljek çäreleriň meýilnamasyny taýýarlap, ony döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlemegi tabşyrdy.
Şeýle hem ol atşynaslar hakda çeper filmiň surata düşürilmeginiň maksada laýykdygyny belledi. Film Arkadag şäherinde atçylygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işleri, atşynaslaryň, seýisleriň we çapyksuwarlaryň täze nesilleriniň taýýarlanylmagy, şeýle hem milli däpleriň dowamatlylygy ýaly ugurlary öz içine alyp biler.
Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow atşynaslyk ýörelgeleriniň, at bilen ykbalyňy baglamagyň, bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň özboluşly sungatdygyny, sungatyň bolsa müdimidigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň geljek nesillere ýetirilmegi, onuň dowamata atarylmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini nygtady. 


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......