Aşgabatda ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň çempionlary kesgitlenildi

  • 03.02.2026 14:08
  • 1.5k+

Aşgabatda çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň nusgawy tapgyry tamamlandy. 25-nji ýanwar we 1-nji fewral aralygynda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirilen ýaryşlara ýurduň ähli künjeginden 8 ýaşdan 18 ýaş aralygyndaky 487 türgen gatnaşdy.
Dokuz tapgyryň netijeleri boýunça 8 ýaşa çenli toparyň arasynda Kerim Babaýew we Merýem Rüstemowa ýeňiji boldy.

On ýaşly gatnaşyjylaryň arasynda bolsa Çaryhekim Çaryýew we Bägül Jumaýewa altyn medallary aldy.
18 ýaşa çenli uly toparda Şageldi Gurbandurdyýew we Jennet Ýalkanowa birinjiligi eýeledi.
Lebap welaýaty 52 sany baýrak bilen medal sanawynda birinji orunda ýerleşdi. Ikinji orny 21 medal bilen Aşgabat şäheri eýeledi. Şeýle-de, «Küşt älemi» akademiýasy ýokary netijeleri görkezdi.
Ýaryşyň netijeleri dünýä we Aziýa çempionatlaryna gatnaşjak ýetginjekler ýygyndy toparynyň düzümini emele getirmek üçin esas bolar. Ýaryşlar rapid we blitz bilen dowam eder.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

20.06.2026 01:00
3.5k+

Magnus Karlsen 21 ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy

Norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen 2005-nji ýyldan bäri ilkinji gezek yzly-yzyna dört oýunda utuldy. Bu şowsuzlyklar tapgyry 2026-njy ýylda Gonkongda geçirilen rapid we blitz boýunça dünýäniň toparlaýyn......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......