Türkmenistanyň Döwlet sirki baýramçylyk şüweleňine çagyrýar

  • 05.02.2026 13:05
  • 3.2k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki hakyky baýramçylyk ruhuny wada berýär. Tomaşaçylar üçin ýönekeý bir çykyşlar däl, eýsem milli öwüşginli we halkara derejeli uly şüweleň garaşýar.
Märekäniň öňünde dürli žanrlaryň ussatlary, şeýle hem dürli ýurtlaryň sirk däplerini görkezýän haýwanlar çykyş eder. Agşamyň esasy wakalarynyň biri hem «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we «Türkmen jigitleri» toparynyň çykyşlary bolar.

Şeýle-de, «Gündogaryň ýyldyzlary» milli sirk oýunlary toparynyň ýaş zehinleri öz ussatlyklaryny görkezer.
Baýramçylyk şüweleňi 8-nji fewralda sagat 18:00-da başlanar.

Has giňişleýin maglumatlary sirk.gov.tm resmi saýtyndan ýa-da şu telefon belgileri arkaly alyp bilersiňiz: 39-80-44, 39-80-45, 36-10-95, 36-10-34.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......