Türkmen talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 olimpiadalarynda 46 medal gazandy

  • 02.02.2026 02:12
  • 2.9k+

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalarynda 17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç baýraga mynasyp boldy diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti habar berýär.
Matematika we himiýa boýunça intellektual bäsleşikler 25-28-nji ýanwar aralygynda Buhara döwlet uniwersitetinde geçirildi.
Bu bäsleşiklere dünýäniň 10-dan gowrak döwletinden, şol sanda Özbegistandan, Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Pakistandan, Azerbaýjandan, Iordaniýadan we Täjigistandan 500-den gowrak talyp we 100 topar gatnaşdy.
Bäsleşikleriň maksatnamasy şahsy we toparlaýyn tapgyrlardan ybarat boldy. Matematikler analiz, çyzykly algebra, san teoriýasy we kombinatorika boýunça meseleleri çözdi. Himiýa boýunça bäsleşiklere gatnaşyjylar bolsa organiki däl, organiki we fiziki himiýa ugurlaryndan öz bilimlerini görkezdi.
Bäsleşik böleginden başga-da, takyk ylymlary öwretmegiň usullary boýunça tejribe alyşmak maksady bilen professor-mugallymlaryň duşuşyklary geçirildi.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......