Raşid Meredow Dubaýda ählumumy dolandyryş boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryny açyp görkezdi

  • 04.02.2026 16:39
  • 3.5k+

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýda (BAE) geçirilýän «Bütindünýä hökümet sammiti – 2026» forumynda çykyş edip, dünýäde dowam edýän krizis şertlerinde ählumumy dolandyryşy we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurduň garaýyşlaryny beýan etdi. Ministriň çykyşynyň doly teksti daşary syýasat edarasynyň saýtynda ýerleşdirildi.
«Häzirki wagtda ählumumy dolandyryş we netijeli ýolbaşçylyk meseleleri halkara hyzmatdaşlyklaryň we bileleşikleriň ulgamyny düýpli özgerdýän barha artýan ählumumy täzeleniş şertlerinde ara alnyp maslahatlaşylýar» – diýmek bilen, türkmen diplomatiýasynyň ýolbaşçysy dünýäniň geosyýasy, ykdysady, howa we tehnologik krizisleriň utgaşykly täsirine sezewar bolýandygyny belledi.
Onuň sözlerine görä, hyzmatdaşlygyň netijeliligi öňünden çaklap bilmek ukybyna baglydyr. «Biz netijeli hyzmatdaşlygyň we durnukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň jogapkärçilikden, öňünden çaklamakdan we halkara kadalaryna hormat goýmakdan başlanýandygyna düşünýäris» – diýip, ministr mälim etdi.
Amaly başlangyçlar barada durup geçmek bilen, Raşid Meredow öňüni alyş döwlet dolandyryşyna geçmegiň zerurdygyny nygtady.
«Biziň pikirimizçe, irki duýduryş gurallarynyň, öňüni alyş usullaryň we dolandyryş çözgütleriniň alyş-çalyş edilmegine gönükdirilen Öňüni alyş döwlet dolandyryşynyň köptaraplaýyn platformasyny döretmek howplaryň ýitileşen ýagdaýlara öwrülmezden öň azaldylmagyna we hyzmatdaşlaryň arasynda ynanyşmagyň bozulmagynyň öňüni almaga ýardam berip biler» – diýip, ol belledi.
Halkara hukugy baradaky meselä hem aýratyn üns berildi. Ministr Türkmenistanyň BMG-de 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek başlangyjyny öňe sürýändigini ýatlatdy. «Bu başlangyjyň maksady öňden bar bolan hukuk binýadyna hormaty berkitmekden we dikeltmekden, onuň hemmetaraplaýyn we bölünmez häsiýetini üpjün etmekden ybaratdyr» – diýip, R. Meredow nygtady.
Ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda maglumatlaryň ygtybarlylygynyň umumy ýörelgelerini öňe sürmek we döwlet hem-de halkara syýasatyny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde olaryň bilelikdäki tassyklaýyş gurallaryny döretmek bellenildi. Ministriň sözlerine görä, şeýle çemeleşmeler ynamy berkidýär we sanly gurallary ulanmakda jogapkärçiligi artdyrýar.
Çykyşynyň ahyrynda Raşid Meredow sammitiň Dubaýda ýokary derejede guralandygy üçin BAE-niň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi we «XXI asyrda ýolbaşçylyk we bileleşikler agalyk etmek ukyby bilen däl-de, öňünden çaklap bilmek, ynamy berkitmek we umumy kadalaryň berjaý edilmegini üpjün etmek ukyby bilen kesgitlenilýär» – diýip belledi.


şu gün 12:31
2k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

şu gün 09:55
470

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

düýn 11:28
670

Wenada Türkmenistanyň gatnaşmagynda CTBTO-nyň Taýýarlyk komissiýasynyň mejlisi geçýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 15—17-nji iýun aralygynda Wena şäherinde geçirilýän Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnama guramasynyň (CTBTO) Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisine gatnaşýar.......

16.06.2026 19:44
2.1k+

Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

16-njy iýunda daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew bilen duşuşdy. Bu barada DIM-iň metbugat gullugy habar......