Türkmenistanyň DIM-inde Rumyniýanyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 03.02.2026 19:40
  • 1.5k+

3-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçisi Ion Nawal bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerine seretdi. Esasy üns iň ýokary we ýokary derejelerdäki gatnaşyklary ikitaraplaýyn saparlar görnüşinde hem-de köptaraplaýyn çäreleriň meýdançalarynda işjeňleşdirmegiň zerurdygyna gönükdirildi.
Mundan başga-da, syýasy geňeşmeleri hem-de Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rumyn hökümetara toparynyň mejlislerini yzygiderli geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy. Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýän hyzmatdaşlygyň beýleki görnüşleriniň wajyplygy bellenilip geçildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklady.


14.05.2026 19:01
1.8k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......