Türkmenistanda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV mekdep olimpiadasy geçiriler

  • 05.02.2026 22:54
  • 2.6k+

Türkmenistanda mekdep okuwçylarynyň arasynda «Oguz hanyň zehinli nesilleri» atly IV integrirlenen olimpiada geçiriler. Çäräniň guramaçysy hökmünde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti çykyş edýär.
Olimpiada gatnaşmaga ýurduň orta mekdepleriniň 9–12-nji synp okuwçylary çagyrylýar. Olimpiada matematika, fizika, himiýa, biologiýa derslerini we logiki pikirlenmäni öz içine alýar. Bir mekdepden okuwda ýokary netijeleri görkezen 20 okuwçy (her synpdan bäş okuwçy) gatnaşyp biler. Hasaba alyş işleri uniwersitetiň resmi 
saýtynda 25-nji fewrala çenli onlaýn görnüşde amala aşyrylýar.
Olimpiada üç tapgyrda: etrap, welaýat we döwlet tapgyrlarynda geçiriler. Ähli tapgyrlar türkmen we iňlis dillerinde alnyp barlar.
Birinji tapgyr 10–17-nji marta, ikinji tapgyr 8-nji aprele meýilleşdirilýär. Finala çykanlar iýun aýynda uniwersitetiň binasynda geçiriljek jemleýji tapgyra gatnaşmak üçin Aşgabada çagyrylar.
Ýeňijiler we baýrakly orunlary eýelänlere diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin teklip hatlary berler. Islendik tapgyrdan geçen okuwçylar uniwersitetiň «Altyn gaznasyna» giriziler, bu bolsa okuwa girmekde ýeňillikleri berýär.
Olimpiadanyň geçirilişi, düzgünnamasy we gatnaşmak üçin arzalary tabşyrmagyň tertibi baradaky doly maglumatlar uniwersitetiň 
saýtynda ýerleşdirilendir.


01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......