Gurbanguly Berdimuhamedow «Galkynyş» toparyna ahalteke bedewini sowgat etdi

  • 05.02.2026 02:19
  • 5.1k+

4-nji fewralda Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Garaşsyz» atly ahalteke bedewine atlanyp, manežiň aýlawynda öwrüm etdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, soňra Gurbanguly Berdimuhamedow bu bedewi «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna sowgat hökmünde gowşurýandygyny yglan etdi. Bu sowgat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp, özygtyýarly döwletiň ösüşiniň nyşanyny alamatlandyrýar.
Halk Maslahatynyň Başlygy toparyň düzüminde oglanlar bilen gyzlaryň hem çykyş edýändigini, olaryň bilelikdäki yhlasyndan ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä dolýandygyny belläp, bu agzybirligiň, ýaşlyk yhlasyň halkymyz üçin uly buýsançdygyny aýratyn nygtady.
Minnetdarlyk nyşany hökmünde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary täze taýýarlan at üstündäki oýunlaryny görkezdiler.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......