Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BAE-däki kärdeşi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek barada maslahatlaşdy

  • 04.02.2026 13:14
  • 1.8k+

3-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Dubaýa saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda türkmen-emirlik gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.
Türkmen diplomatiýasynyň ýolbaşçysy Bütindünýä hökümet sammitiniň döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýän halkara meýdançasy hökmündäki ähmiýetini belledi.
Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligi bellenilip geçildi. Türkmenistanyň we BAE-niň halkara hem-de sebit guramalarynyň çäklerindäki özara goldawy nygtaldy.
Mundan başga-da, diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek maksady bilen, şu ýyl üçin meýilleşdirilen çäreleri gözden geçirdi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......