Türkmenistanda VAR eminlerini taýýarlamak boýunça okuw maslahaty başlandy

  • 05.02.2026 20:52
  • 5.6k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasy (CAFA) bilen bilelikde VAR ulgamyny özleşdirmek boýunça okuw maslahatyny gurnady. Bu barada sebit guramasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Bu başlangyç futbolda döwrebap wideotehnologiýalaryň ornaşdyrylýan döwründe eminler düzüminiň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Okuw maslahatyny FIFA-nyň emininiň öňki kömekçisi we häzirki wagtda eminleriň gözegçisi bolan Jahongir Saidow alyp barýar. Okuwa gatnaşyjylar VAR ulgamynyň işleýşini, meýdançada ýüze çykýan ýagdaýlara laýyklykda çözgüt kabul etmegi öwrenýär, jedelli oýun pursatlaryny seljerýär we wideo-gaýtalamalaryny ulanmagyň taktiki taraplaryny özleşdirýär.
Taslama sebitde eminlik kadalaryny ösdürmekde we milli futbol federasiýalary bilen hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolar. 


düýn 16:49
5.3k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....

düýn 16:09
5.5k+

Mekirlik etme-de, oýna: dünýä çempionatynda futbolçylara nähili düzgünler garaşýar

FIFA we Halkara futbol assosiasiýalarynyň geňeşi (IFAB) 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda oýnuň düzgünlerine birnäçe möhüm üýtgeşmeleri girizdi. Bu täze düzgünler wagt çekmäge garşy göreşmäge,......

düýn 12:42
7.2k+

Saud Arabystany Dünýä çempionaty — 2026-nyň oýunlaryna petekleri mugt paýlap başlady

Saud Arabystanynyň Futbol federasiýasy öz milli ýygyndysynyň janköýerleri üçin 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynyň oýunlaryna mugt petek paýlamak çäresine başlady. Bu hakda Saud......

düýn 12:35
4.4k+

Florentino Peres saýlawlarda ýene ýeňdi: indi «Realda» näme üýtgär, Mourinýu gelermi...

Madridiň «Realy» ýakyn ýyllar üçin özüniň ýolbaşçysyny kesgitledi. Florentino Peres prezidentlik saýlawlarynda ýeňiş gazanyp, dünýäniň iň abraýly futbol klublarynyň biriniň başlygy wezipesini saklap galdy....