Arkadag şäherindäki «At-myrat» okuw merkezine 1,5 million manat sowgat berildi

  • 05.02.2026 02:14
  • 8.7k+

4-nji fewralda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna bardy we «At-myrat» okuw merkeziniň okuwçylary bilen duşuşdy. Ol bu ýerde bilim alýan çagalaryň okuwlary, olaryň milli atşynaslyk däplerini çuňňur özleşdirmekleri ugrunda alnyp barylýan işler bilen gyzyklandy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde aýtdylar.
«At-myrat» okuw merkezi atçylyk bilen gyzyklanýan çagalary we ýetginjekleri bir ýere jemleýär. Olar bu ýerde çapyksuwarlygyň esaslaryny, milli at üstündäki oýunlary we atly sporty özleşdirýärler. Şunuň bilen bir hatarda okuwçylar umumybilim derslerini, daşary ýurt dillerini, matematikany, himiýany hem-de kompýuter sowatlylygyny öwrenýärler.
Sapaklar möwsümleýin esasda alnyp barylýar, her tapgyrda 40-dan gowrak çaga bilim alýar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çagalarda bedewlerimize bolan söýgüni, mähri döretmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan okuw merkezine 1 million 500 müň manadyň sowgat berilýändigini aýtdy.
Bu serişdeler okuw merkeziniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga we bilim mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdiriler.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......