Aşgabatda nusgawy türkmen filmleriniň ajaýyp sazlary ýaňlanar

  • 06.02.2026 13:29
  • 2.6k+

Aşgabatda türkmen kinematografynyň meşhur saz eserlerine bagyşlanan konsert geçiriler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny «Türkmen kinosynyň altyn mukamlary» atly sazly agşama çagyrýar.
Bu çäre ýurdumyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen filmlere we hakyky «döwrüň sesine» öwrülen sazlara goýulýan sarpadyr.

Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň sahnasynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri çykyş eder. Orkestriň çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjow.

Meýilnama «Şükür bagşy», «Aýgytly ädim», «Mukamyň syry», «Gadymy daglaryň rowaýaty», «Keçpelek», «Gämiçiniň jany bir», «Döwranyň başdan geçirenleri», «Japbaklar», «Gelin», «Şasenem-Garyp», «Ilkinji synag», «Aşyr aganyň hötjetligi», «Magtymguly», «Kärizgenler» ýaly meşhur filmleriň sazlary girizildi.

  • Geçirilýän senesi: 21-nji fewral.
  • Konsertiň başlanýan wagty: 19:00.
  • Geçirilýän ýeri: Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgi.

Bilet satyn almak boýunça şu telefon belgileri bilen habarlaşyp bilersiňiz: 26-69-17; 8 (61) 33-88-29; 8 (63) 46-71-77; 51-41-57; 864-03-74-56; 72-45-12


şu gün 00:03
1.1k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

düýn 11:31
1.7k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.9k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......